- sopy
- [so:py]Dini söz Işana, ahuna, pire dini tarapdan gol beren adam.∙ Ýaşuly, senden hiç wagt hem sopy bolmaz! (A. Gowşudow, Eserler)∙ Mollada berim bolmaz, sopuda-şerim. (Nakyl)∙ Sopy sogan iýmez, tapsa-gabygyny goýmaz. (Nakyl)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (u) ýazylýar.Meselem sopy - sopuda, sopular, sopusy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.